MAGTYMGULY ADYŇ DILLERDE DESSAN

Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölümi bilen billikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly adyň dillerde dessan» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, bilim ulgamynda işleýän ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş eden myhmanlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek barada döredip berýän giň mümkinçilikleri barada, şeýle hem türkmen halkynyň beýik ogly akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat, sarpa barada, adamzat kalbynda mizemez orun alan ajaýyp eserleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Dabaranyň ahyrynda etrabymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden şirin aýdym-sazlary, joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny has-da belende galdyrdy.

Nursoltan MAKSUDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 70 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 463 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 516 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM