SPORT BAHASYZ BAÝLYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmäge, ilaty köpçülikleýin sporta çekmäge uly üns berilýär.

Ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüm bilen bilelikde guramagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Eziz Öwlýagulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde sportuň «Karate do» görnüşi boýunça tälim alýan türgenleriň gatnaşmagynda «Sport bahasyz baýlyk» atly sportyň görkezme çykyşlary geçirildi.

Görkezme çykyşyň soňunda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga, sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Oýdin AŞIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 10 okalan

SPORT BAHASYZ BAÝLYK

30 Iýun 2025 | 9 okalan

ÝAŞYL DÜNÝÄ ÝAŞAÝYŞ

28 Iýun 2025 | 1084 okalan

ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA