ÝAŞYL DÜNÝÄ ÝAŞAÝYŞ

Ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagy bilen bilelikde guramagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda çagalara daşky gurşawy goramak boýunça çärelerini düşündirmek maksady bilen «Ýaşyl dünýä ýaşaýyş»atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulnur Allaberenowa häzirki döwürde Diýarymyzyň döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen bagy-bossanlyga öwrülýändigi, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigi barada körpeje çagalara giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşan körpeler şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini çaga ýüreginden beýan etdiler.

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Öňki makala

ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA

Indiki makala

SPORT BAHASYZ BAÝLYK

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 10 okalan

SPORT BAHASYZ BAÝLYK

30 Iýun 2025 | 9 okalan

ÝAŞYL DÜNÝÄ ÝAŞAÝYŞ

28 Iýun 2025 | 1084 okalan

ÝAŞLAR HAKYNDA ALADA