Golaýda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramagynda kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Ýaşlar hakynda alada» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri Göwher Möwlýamowa, Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Zöhre Nazargeldiýewa dagylar özleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, kitaphana ulgamyny ösdürmek, okamagyň usulýetini kämilleşdirmek dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher MÖWLÝAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.