“ÝAŞ ŞAHYRLAR WE ŽURNALISTLER” GURNAGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasyndaky TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda geçirilen bu döredijilik duşuşygy halypa döredijilik işgärleri bilen ýaşlaryň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmakda, zehinli ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde ähmiýetli ädimleriň biri boldy. Döredijilik duşuşygyna dürli ýokary okuw mekdeplerinden hem-de habar beriş serişdeleri ugrunda zähmet çekýän  ýaş žurnalistler we edebiýata höwes bildirýän ýaş şahyrlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş eden ýaşlar Watan, gahrymançylyk, parahatçylyk, ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ýaly temalara bagyşlanan şahsy döredijilik eserlerini okap diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdiler.

Gurnagyň hormatly myhmany, şahyr Döwlet Orazsähedow ýaşlaryň çykyşlaryny aýratyn üns bilen diňläp, olaryň her birine täsirli maslahatlaryny berdi. Ol ýaşlaryň edebiýata bolan höwesiniň artýandygyna buýsanjyny bildirdi hem-de şeýle döredijilik duşuşyklarynyň ýaşlaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň dowamynda halypa şahyr hem öz döredijilik eserlerinden birnäçesini okap berdi. Onuň okan goşgulary ýaşlarda uly ruhy täsir galdyryp, döredijilige bolan höweslerini has-da artdyrdy.

Şeýle hem duşuşykda döredijilik ulgamynda üstünlik gazanan ýaşlar bilen tejribe alyşmak, redaktirleme we ýazuw usullary barada pikir alyşmalar geçirildi. TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň guramagynda şeýle döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesliň zehinini ýüze çykarmaga, olaryň täze pikirler bilen jemgyýete goşant goşmagyna giň ýol açýar we her hepdäniň sişenbe güni gatnaşmak isleýänleri gurnagyň indiki duşuşyklaryna çagyrýar.

Şeýlelikde, “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” atly döredijilik gurnagynyň nobatdaky duşuşygy diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem hyzmat edýär. Bu derejede giň gerimli döredijilik çäreleriniň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň döredijilikli ösüşine, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleriň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, olaryň zehininiň we başarnygynyň ýüze çykarylmagy babatynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin, eziz Watanymyzy beýik ösüşlere alyp barýan, ýaşlaryň maksatlaryny we arzuwlaryny amala aşyrmaga giň ýol açýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri, elmydama rowaçlyklara beslensin!

Annageldi GODOROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we

meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça

Merkeziniň başlygy.