Ýakynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, hem-de Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek maksady bilen «Parahat diýaryň bagtly nesilleri» ady bilen gezelenç gurnaldy.
Gezelençde ýaş nesiller halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň bize goýan ylmy-edebi miraslary, geçmişde yz goýan beýik şahsyýetlerimiz, şöhratly taryhymyz, milli däp-dessurlarymyz we mirasymyz bilen bagly eksponatlar, fotosuratlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologiki tapyndylar bilen giňişleýin tanyşdylar.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde, watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.