Ýakynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň, Hojambaz etrap bilim bölüminiň hem-de bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebine gatnaýan çagalaryň gatnaşmagynda «Sagdynlyk bahasyz baýlyk» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Geçirilen bäsleşigiň baş maksady ýaş nesli berk bedenli, sagdyn ruhly ýetişdirmekden, şaşka sportuna bolan höwesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Etrabyň sport mekdebiniň çägi boýunça geçen we uly ruhubelentlige beslenen şaşka oýny ýaş türgenleriň ussatlyklaryny aýan etdi.
Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji bolan ýaş höwesjeň türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Ergeş ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.