ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly sport ýaryşlary we medeni çäreler geçirildi.

Merkezde dynç alýan çagalaryň her bir gününiň şatlykly pursatlara beslenmegini gazanmak maksady  bilen guralan çärelerde, çagalar türkmen milli oýunlarynyň, sport we köpçülikleýin medeni çäreleriň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar bagtyýar zamanada ýaşamaga, okamaga, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Gülnar GURBANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Iýul 2025 | 1 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

09 Iýul 2025 | 57 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

08 Iýul 2025 | 43 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI