Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtly edýär bütin nesli, Arkadagly Serdarymyz» ady bilen, surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde geçen bu bäsleşik çagalarda şatlyk-şowhuna beslenen ýatlamalary galdyrdy. Olar bagtly çagalygy görkezýän şekilleri öz çeken suratlarynda şöhlelendirdiler.
Gyzykly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Oňa gatnaşanlar ýurdumyzda okamak, öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanyp, bagtyýar çagalygy duýmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna akyş sözlerini aýtdylar.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.