Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna bolan iş saparyna bagyşlanan «Tegelek stol» söhbetdeşligi guraldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändigi, şeýle hem, iki dostlukly ýurduň — Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda iş saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan möhüm meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýratyn nygtaldy.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzy asuda, parahat ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nury NURYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.