Ýakynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 35025 harby bölüminiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Çärjew etrabynyň 35015 harby bölüminiň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda ýaşlary watansöýüjilik, ruhubelentlik, millilik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek maksady bilen «Ýaşlar Watanyň röwşen geljegi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüjilikli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksady ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdygy barada çykyş edenler giňişleýin bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri, intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi ugrunda uly alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.