TÜRKMEN BITARAPLYGY UMUMADAMZAT GYMMATLYGYDYR

Ýakynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat hem-de Çärjew etrap we Türkmenabat şäher Geňeşleriniň, bilelikde guramagynda «Türkmen Bitaraplygy umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy Gülälek Batyrowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Aýjan Allaberdiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Abadan Döwletgeldiýewa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Gülşat Çaryýewa özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Azerbeýjan Respublikasyna amala aşyran taryhy saparynyň ähmiýeti, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýetilen sepgitler, şu taryhy ýylymyzda BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi barada buýsançly çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýä halklaryny dost-doganlyga, parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga çagyrýan, halklara dost-doganlyk goluny uzadýan, halkynyň bagtyýar hem-de asuda durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýul 2025 | 46 okalan

BIZ BAGTYÝAR ÇAGALAR

24 Iýul 2025 | 23 okalan

ÝAŞLAR WATANYŇ RÖWŞEN GELJEGI