Golaýda, Lebap welaýatynyň Halaç etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, nika bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen «Maşgalam – baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwriň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de pederlerimiziň milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk mekdep hasaplanylýar diýip bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, umumyadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merjen GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.