Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi bilen Kerki etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Kerki etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ene-mamalarymyzdan miras galan el-işlerimize bolan söýgini wagyz etmek maksady bilen «El görki hünär» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa we Kerki etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri Bahargül Hudaýberdiýewa, Maýa Şirmamedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnabat Abdyrahymowa çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler barada, milli mirasa sarpa goýmak, ene- mamalarymyzdan miras galan el-işlerimiz barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.