TOMUSYŇ AJAÝYP TAGAMY

Uludan-kiçä hemmäniň halaýan tagamy bolan doňdurma köp ýyllardan bäri öndürilýär. Öňler bu tagam buzdan we gardan taýýarlanypdyr. Doňdurmany kim oýlap tapandygy barada takyk maglumatlar ýok. Emma resminamalaýyn subutnamalaryň barlygy sebäpli, bu önümiň häzirki döwürden has öň barlygy mälimdir. Gadymy döwürlerde bu aýratyn tagam hasaplanyp, diňe girdejisi ýokary bolan adamlar ony alyp bilýärler eken. Arheologlaryň, taryhçylaryň we alymlaryň maglumatlaryna we görkezmelerine görä, bu süýjilik, häzirki görnüşinde bolmasa-da, şoňa meňzeş önümi 5000 ýyl ozal mälim bolandygy subut edilýär. Gadymy hytaýlylar miweleri buz bilen garyp we oňa süýt goşup, imperator we onuň töweregindäki adamlar üçin saçaga äberipdirler. Käbir maglumatlarda bolsa X asyrdan soň doňdurmanyň süýtden taýýarlanandygy barada aýdylýar. Taryhy çeşmelerde Rim imperatory Neronyň döwründe beýik dagyň gerişlerinden gar we buz getirilip ýörite sowuk jaýda saklapdyrlar. Uly baýramçylyklarda ýörite myhmanlara nahardan soň miweler bilen bilelikde hödürlenipdir, buzy eredip sowuk içilendigi barada italýan jahankeşdesi Marko Polo özüniň ýazgylarynda belläpdir. Jahankeşde 1271-1295-nji ýyllarda Uzak Gündogar ýurtlaryna eden syýahatynda doňdurmany dadyp görendigini ýazýar. Ýewropa halklarynyň arasynda doňdurmanyň ýaýramagy hem şondan soňra başlanypdyr. Ol Hytaýda saparda wagty doňan baldan, süýtden we gaýmakdan süýjülik taýýarlamagy öwrenipdir. Ýewropa gaýdyp gelenden soňra bu usuly Wenesiýa we Demirgazyk Italiýa ýaýradypdyr. Şondan soňra Ýewropada gaýmak, bal, şokolad we dürli miwelerden doňdurma taýýarlanypdyr. Onuň sowuk bolmagy üçin buz goşulypdyr. Şol ýyllar doňdurma taýýarlanýan bedre görnüşli guty ýasalypdyr. Onuň içine gerekli zatlary goşulyp mazaly garylýan ekeni. Doňdurmanyň senagat taýdan öndürilmegi XIX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ-nyň Boston ştatynda ýola goýulypdyr. Ol süýt, şeker, suw, ýumurtga we dürli miwelerden taýýarlanypdyr. Häzirki döwürde her ýurtda başgaça tagamly dürli görnüşlerde taýýarlanylýar. Biziň ajaýyp Watanymyzda hem türkmen telekeçileri doňdurmanyň dürli görnüşlerini taýýarlap halkymyza elýeter bahalardan hödürleýärler. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçiligiň has-da ösýändiginden aýdyň nyşan. Bu ajaýyp tagam adamlar tarapyndan uly höwes bilen iýilýär.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 22 okalan

TOMUSYŇ AJAÝYP TAGAMY

01 Awgust 2025 | 284 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY — ÖSÜŞIŇ ÖZENI

01 Awgust 2025 | 190 okalan

TURŞY, ÝÖNE PEÝDALY MIWE