Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawy, «Arkadag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasynda 20-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygy bilen başlar.
Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän ýurdumyzyň iki gezek çempiony bolan «Arkadag» topary milli çempionatyň birinji ýarymyny ýeňiş bilen tamamlady. Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawynyň jemleýji duşuşygy bolan 10-njy tapgyryň yza süýşürilen duşuşygynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri öz meýdançasynda AFK-nyň 2018-nji ýyldaky Kubogynyň finalçysy – Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny 7:3 hasaby bilen ýeňdi.
«Arkadag» toparynyň düzüminde Begenç Akmämmedow (21-nji we 35-nji minutlarda) iki gol geçirip, tapawutlandy. Şeýle-de Altymyrat Annadurdyýew (18-nji), Şanazar Tirkişow (37-nji), Şamämmet Hydyrow (61-nji), Didar Durdyýew (72-nji – 11 metr jerime urgusy) bir gezek tapawutlandylar. Myhmanlaryň derwezesine ýene bir utugy bolsa, 46-njy minutda «Altyn asyr» toparynyň goragçysy Şöhrat Söýunow pökgüni öz derwezesine geçirdi. Ýeňilen toparyň düzüminde üç goly Süleýman Muhadow (25), Rahman Myratberdiýew (53) we Weýisgeldi Orazdurdyýew (68) geçirdiler.
14 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanan «Arkadag» topary 42 utuk bilen uly artykmaçlyk bilen ýaryşyň sanawynda birinji orunda barýar. Ondan 14 utuk bilen yza galýan «Ahal» topary ikinji orunda ýerleşýär. Üçünji orny bolsa goşmaça görkezijiler boýunça öňe geçen 25 utukly «Altyn asyr» topary eýeleýär, onuň bilen deň utukly Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary bolsa dördünji orunda barýar.
Üçünji aýlawyň öňüsyrasynda hüjümçileriň bäsleşiginde «Arkadag» toparynyň futbolçylary Begenç Akmämmedow bilen Didar Durdyýew 11 gol bilen öňdeligi eýeleýär. Olardan bir gol az geçiren topar ýoldaşy Altymyrat Annadurdyýew yzlarynda. 5 gol bilen Yhlas Saparmämmedow («Arkadag»), Meýlis Diniýew («Ahal») we Zafar Babajanow («Altyn asyr»), 4 gol bilen Abdyresul Abdyýew («Merw») we Mekan Aşyrow («Şagadam») öňe çykýarlar. 3 gol geçiren futbolçylar: Elman Tagaýew, Daýanç Meredow (ikisi-de «Ahal»), Welmyrat Ballakow, Şanazar Tirkişow (ikisi-de «Arkadag»), Süleýman Muhadow, Selim Nurmyradow (ikisi-de «Altyn asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam») we Bäşim Gurbanberdiýew («Aşgabat»).
turkmenistan.gov.tm