9 – 24-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýondju şäherinde «UCI Level 2 Coaching Course» tälimçilik okuwy geçirildi. Okuw, Bütindünýä welosport merkezi (WCC) hem-de Koreýa Respublikasynyň welosport federasiýasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin ýol welosiped ýaryşy bilen baglylykda geçirildi. Bu çärä Indoneziýanyň, Gazagystanyň, Kambojanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Mýanmanyň, Pakistanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuwyň netijeleri boýunça Daşoguz welaýat sport mekdebiniň tälimçisi Emir Jumaýew üstünlikli synagdan geçip, halkara şahadatnamasyny aldy.
Welosipedçileriň halkara birleşigi (UCI) tarapyndan gurnalan bu 2-nji derejeli okuw, ýaşlar we ýokary derejeli türgenler bilen işleşýän tälimçileriň hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Okuw maksatnamasynda sport fiziologiýasy, tälimçilik tilsimleri, ýaryş usullary, maglumatlaryň seljermesi ýaly bölümler, şeýle hem ýolda amaly sapaklar girizildi.
– Okuw maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde tälimçilik ýolbaşçylygy hem boldy – diýip, Emir Jumaýew aýtdy. – Biz diňe bir ýaşlara tälim bermek bilen çäklenmän, tälimçi hökmünde özümiz hem synaglary tabşyryp geçdik.
Çäräniň çäginde üç tapgyrdan ybarat bolan ýaryşlar hem geçirildi. Olara Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýaş türgeni Daniil Nurlyýew gatnaşdy. Ol 21 kilometr aralygy bolan ikinji – dag tapgyrynda ýokary netije görkezdi. Bu tapgyrda ol 105 türgeniň arasynda birinji orny eýeläp, medal we kubok bilen sylaglandy. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welosport federasiýasy tarapyndan oňa «Iň gowy welosipedçi» («Best rider») diýen Hormat haty gowşuryldy. Üç tapgyryň umumy netijesinde Daniil Nurlyýew bäşinji orny eýeledi.
Biziň ýurdumyzda welosiped sportynyň ösüşine uly üns berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen Bütindünýä welosiped güni munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýram her ýylda 3-nji iýunda bellenilýär. Bu sport baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine we welosiped sürmeginiň meşhurlygynyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişleri müňlerçe adamy birleşdirip, sportuň parahatçylyk we dostluk gurallarynyň biri hökmünde ähmiýetini görkezýär.
turkmenistan.gov.tm