SAGDYNLYGYŇ BINÝADY

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde eziz Diýarymyz ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwaty barha pugtalanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlere, ýeňişli üstünliklere, joşgunly we şowhunly baýramçylyk dabaralaryna baý, her bir güni Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende galdyrýar. Ertir tutuş dünýä bileleşigi bilen berkarar döwletimizde dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni ýokary derejede bellenilip geçiler.

Sagdynlygyň, sportuň, gözelligiň ajaýyp halkara baýramy hökmünde milli senenamamyza özboluşly bezeg berýän Bütindünýä saglyk gününiň şanyna kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraý-mertebesi has-da ýokarlanýan Watanymyzyň iri sport toplumlarynda, stadionlarda, Saglyk ýolunda güýji, çeýeligi, çalasynlygy, ruhubelentligi we paýhasy terbiýeleýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri, milli aýdym-sazly dabaralar şowhuna beslener. Bu halkara baýramy milli Liderimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň joşgunly, baý döredijilikli durmuşy bilen gaýnap-joşýan Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň mertebesiniň beýikdiginiň nyşanydyr.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzakmöhletleýin maksatnamasynda halkymyzyň saglygynyň derejesini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak babatynda bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ileri tutulýan orny kesgitlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek başlangyçlaryna, bu ugur boýunça kabul eden maksatnamalaryna, şeýle-de milli sport ulgamyndaky beýik özgertmelerine laýyklykda, eziz Diýarymyzda halkara derejeli iri sport toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hem-de ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurulýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýaşlarymyzy sagdyn we işjeň durmuşa höweslendirmek we bedenterbiýäniň we sportuň ulgamlaýyn ösmegine goldaw bermek maksady bilen, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen ulgamlaýyn meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri üpjün edýän şertleriň döredilmegi dowam etdirilýär.

Döwletimiziň sport diplomatiýasy halklaryň ýakynlaşmagyna, belent ynsanperwer gymmatlyklaryň dabaralanmagyna gönükdirilendir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň sport pudagynda amala aşyrylýan giň möçberli işleri, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Türkmenistan döwletimiz örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna hem ynamly goşuldy.

Döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär. Milli Liderimiz sport bilen meşgullanmakdaky nusgalyk göreldesi bilen biz — ýaşlaryň kalbynda watançylyk ruhuny joşdurýar.

Goý, Arkadagly Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýy has-da artsyn!

Maral ATANYÝAZOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

06.04.2019ý.

Indiki makala

USSATLARYŇ USSADY

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 22 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 20 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 22 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI