Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna guralýan dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap aldy. Her bir baýramçylygyň baý many-mazmuny, toý şatlygy ildeşlerimize ruhubelentlik duýgusyny bagyşlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri bolsa halkymyz üçin toý serpaýy bolup, ruhy ganat berýär. Şeýle şanly wakalar mynasybetli geçirilýän dabaralaryň täsiri has-da üýtgeşik bolýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabaraly çärede biz muňa ýene bir ýola göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň täze döredijilik işi ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleriniň tapgyryny dowam edip, döwrüň hem-de nesilleriň, ýurdumyzyň taryhynyň we şu gününiň aýratyn orun tutýan medeniýetiniň aýrylmaz arabaglanyşygynyň duýgusyna beslenipdir.
Hormatly Prezidentimiziň dört dilde çap edilen täze eseri halky dilde birnäçe bölümler arkaly okyjylara has düşnükli ýagdaýda beýan edilipdir. Dürli rowaýatlardyr nakyllar bilen çeper beýan edilen bu eseriň ajaýyp suratlar bilen bezelmegi onuň täsirliligini artdyrýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çap edilen bu neşiriň hil derejesiniň kämilliginde hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döredýän giň şertleriniň oňyn netijesi öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlap döredýän eserleriniň çuň many-mazmuna beslenmegi atçylyk sungatyndan ussatlyk bilen baş çykarýan şahsyýetliginden habar berýär. Halkymyzyň gymmatly miraslaryny dünýä ýaýmakda çäksiz mümkinçilikler döredýän milli Liderimiziň dürli dillerde çap bolýan eserleriniň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bar. Bedew at halk döredijiliginde, edebiýatda, şekillendiriş sungatynda we sazda, halkyň ruhunda, dünýägaraýşynda, türkmenleriň aň-düşünjesiniň keşbinde we durmuşynda hemişe bar. Bedewlerimiz halkymyzyň buýsanjynyň bir bölegidir.
Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby 8 bölümden ybarat bolup — bölümler «Ýoluň — rowaç, iliň — rowaç!», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Owwal bedew aty gerek», «Asmandan inen ykbal», «At — türkmen üçin ähli zat», «Ýanardagyň ýedi arkasy», «Tejribe hem kämillik», «Toý gününde bedew atlar çapylar» diýlip atlandyrylýar. Jemleýji bölüm türkmen dabaralarynyň hem-de baýramçylyklarynyň gyzykly pursatlaryna — at çapyşyklaryna we milli oýunlara bagyşlanypdyr. Bu ýerde milli Liderimiz bedewler bilen didarlaşanda özünde galan täsirleri, olar bilen duşuşan mahaly, at üstünde gezim edýän ýa-da türgenleşik geçýän wagtlary döreýän ajaýyp pikirlerini paýlaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň atlara bolan söýgüsi, olaryň tebigatyny bilmegi we oňa çuňňur düşünmegi öwretdi. Milli Liderimiziň agtygy hakyky atşynaslyk zehinini ýüze çykaryp, birnäçe atlary ýaryşlara taýýarlady. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda dürli ýyllarda geçirilen ýaryşlarda ilkinji bolup pellehanadan geçmegi başaran ýaş çapyksuwar Kerimgulynyň atçylyk sungatyndaky üstünliklerine telim gezek şaýat bolduk. Munuň özi atçylyk sungatynda halypa şägirtlik ýörelgesiniň dowam edýändigini görkezýär.
Halkymyzda «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen nakyl bar. Kitabyň «Asmandan inen ykbal» atly bölüminde meşhur seýis Aba Annaýewiň durmuşynyň mysalynda türkmen atşynaslygynyň däpleri barada gürrüň berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň her bir eseriniň dürli dillerde neşir edilmegi milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly ähmiýet berýär. Ynha, täze neşiri hem dört dilde çap bolup halk köpçüligine ýetirildi. Bu eseriň şanyna Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Oňa ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň dowamynda goşgular ýaňlandy, aýdym-sazly, halk döredijilik etnografiýa çykyşlary görkezildi, sergiler guraldy.
Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, medeniýet ulgamyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Munuň özi ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Ösüşleri bedew batly Diýarymyzda halkymyzyň arzuwlary wysal, bedew atlarymyz uçar ganatly bolsun!
“Nesil” gazeti,
27.04.2019ý.