DIDAR DURDYÝEW «ARKADAG» TOPARYNA ÝEŇIŞ GETIRDI

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Arkadag» toparynyň futbolçylary nobatdaky uly ýeňşini gazandylar. Olar öz meýdançasynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 5:0 hasabynda utdular.

Duşuşygyň ähli gollary birinji ýarymynda geçirildi. Hasaby 14-nji minutda Şamämmet Hydyrow açdy. Soňra bolsa soňky iki milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi Didar Durdyýew 18-nji, 20-nji, 28-nji we 45+1 minutlarda 4 gol geçirdi. Bu duşuşykdan soň onuň hasabynda 15 gol (1 – 11 metr jerime urgy) bolup, ol hüjümçileriň ýaryş sanawynda birinji orny eýeledi. Ol ikinji ýerde barýan topardaşy Altymyrat Annadurdyýewden 2 gol öňde. 12 gol (1 – 11 metr jerime urgy) bilen üçünji orny «Arkadag» toparynyň başga bir oýunçysy Begenç Akmämmedow eýeleýär.

Bu ýeňişden soň «Arkadag» topary 48 utuk bilen öňbaşçylyk ornuny has-da berkidip, ikinji orundaky «Ahal» toparyndan 17 utuk öňe çykdy. Şeýle-de bolsa, «Ahal» toparynyň bir oýny kem. «Köpetdag» topary bolsa 5 utuk bilen ýaryş sanawynyň ahyrynda galýar.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda Marynyň «Merw» topary öz meýdançasynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. Myhmanlara ýeňiş getiren pökgini 58-nji minutda Mekan Aşyrow geçirdi. Onuň hem 5 goly bolup, Yhlas Saparmämmedow («Arkadag»), Meýlis Diniýew («Ahal») we Zafar Babajanow («Altyn asyr») bilen 4–7-nji orunlary paýlaşýar. Abdyresul Abdyýew («Merw») we Magtymguly Berenow («Ahal») her haýsysy 4 gol geçirdiler.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» topary 28 utuk bilen üçünji orna çykdy we 4-nji orna düşen «Altyn asyr» topary 3 utuk yzda galdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, «Altyn asyr» toparynyň hem bir oýny kem.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyry «Altyn Asyr» – «Aşgabat» toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar