ÝAŞ HIMIK­LE­RIŇ NO­BAT­DA­KY ÜS­TÜN­LIGI

Aprel aýynyň 20-28-i aralygynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 53-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçirildi. Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersiteti tarapyndan her ýylda gurnalýan Halkara olimpiada Ukraina, Wengriýa, Rumyniýa, Türkiýe, Gazagystan, Bolgariýa hem-de ilkinji gezek Hytaý, Eýran, Çehiýa, Slowakiýa ýaly ýurtlaryň 29-syndan gelen 150 sany ýaş himikler gatnaşdy.

Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň 4-si bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik etdiler. Ders bäsleşiginiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Pälwan Jumaýew kümüş medala, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Berdigylyç Rejepbaýew we Atabaý Allamyradow bürünç medallara eýe boldular. Şeýle-de bu mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerwen Gadamowyň hem üstünlikli çykyş edendigini bellemek gerek.

— Ýaş hi­mik­le­riň ara­syn­da iň ök­de­lerini ýüze çykarmak, olaryň ylmy gözleglere bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilýän bäsleşik iki nazary we bir ama­ly-sy­nag — je­mi üç tap­gyr­dan yba­rat boldy. Okuwçylar birinji tapgyrda çylşyrymly himiki meseleleri çözmek, 2-nji tapgyrda bolsa tejribehanalarda tejribe işlerini geçirmek boýunça bäsleşdiler. Birnäçe ýyllap yzygiderli Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetinde geçirilýän ders bäsleşigi bu ýyl Mendeleýewiň periodiki tablisasynyň döredilmeginiň 150 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgyň Döwlet uniwersitetinde geçirildi. Ders bäsleşiginiň Dmitriý Mendeleýewiň uçurym bolan, soňra bolsa birnäçe ýyllap zähmet çeken uniwersitetinde geçirilmegi, alyma goýulýan hormatdan nyşandyr. Mundan başga-da Sankt-Peterburgda ýerleşýän Mendeleýew muzeýine, şäheriň taryhy ýerlerine gurnalan gezelençler okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagy­my­za köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys — di­ýip, toparyň ýolbaşçysy, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow onuň bilen bolan söhbetdeşligimizde gürrüň berdi.

Ýazgül KA­KAGEL­DI­ÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.

“Nesil” gazeti,

02.05.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 75 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 68 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 63 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI