TÜRKMEN HALYSY — ARŞYŇ NEPISLIGI

Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr.

Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Milli Liderimiz türkmen okyjylary bilen bir hatarda, dünýä jemgyýetçiligini hem milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, olaryň dünýä medeni ulgamyndaky orny hakynda söhbet açýan eserleri bilen yzygiderli tanyşdyryp gelýär. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Medeniýet — halkyň kalbydyr, «Türkmen medeniýeti», «Gadamy batly bedew», «Döwlet guşy», «Janly rowaýat» ýaly ençeme eserlerini guwanç bilen görkezmek bolar.

«Arşyň nepisligi» atly kitapda «Ilden-ile aşan nusgalar», «Gözellik dowamaty», «Tebigylyk aýdymy», «Haly — zynat» ýaly bölümler bar. Kitabyň bölümlerinde türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp halylarymyz hakynda dürdäne setirler, onuň aýratynlyklary hakynda gyzykly gürrüň berilýär. Kitabyň başynda: «Gül gunçasy gara gözüňe, gara daglary daýanjyňa, ýelleri sabanyň nepesine, çölüniň çägesi zer dänesine, mukamdyr aýdym-sazlary älemiň sedasyna meňzeýän eziz Diýarymyzyň her ertiri meniň kalbymy heýjana getirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz türkmen topragyna bolan egsilmez buýsanjyny beýan edýär.

Halylaryň dürli görnüşleri, haly fabrikleriniň işi, halylaryň dokalyşy, çitilişi, tebigy reňkler, Garagumuň gözellikleri, Köpetdagyň, Amyderýanyň, gojaman Hazaryň täsinlikleri hakynda gürrüň berýän fotosuratlar bilen kitabyň bezelmegi milli sungatymyzyň täsin dünýäsini açyp görkezýär. Halkymyzyň şahandazlygynyň, suhangöýlüginiň, iň esasy-da, her bir çemeleşen işini nusgalyk derejä ýetirendiginiň beýany bolan bu işleri synlanyňda, kalbyň buýsanýar. Gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz gojaman taryhyň uzak dowamynda enelerimiz tarapyndan döredilip, nesilden-nesle geçirilip gelnen beýik sungatdyr. «Ösen eýýamynyň esasy wezipesi adamzadyň medeniýetinde orun alan ylym-bilimleriň, däp-dessurlaryň, gymmatly milli ýörelgeleriniň, taryhy medeni-milli ýadygärlikleriň, halk döredijiliginiň asyl özeninden Zeminiň ähli halklarynyň geljege gönügen umumy maksatlaryny durmuşa geçirmekde ruhy goldaw berjek daýanç sütünini ýüze çykarmakdadyr. Meseläniň möhümdigi ol ýa-da beýleki bir gymmatlygyň haýsy etnosa degişlidigindenem ötri, onuň umumadamzat beýikligindäki ornuny aýdyňlaşdyrmakdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynyň hem şu maksatdan ugur alýandygyny nygtaýar.

Kitabyň haly sungatynyň üsti bilen, ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermekde-de örän uly ähmiýeti bardyr. Bu kitabyň üsti bilen Köpetdagyň salkyn derelerine, Amyderýanyň jülgelerine, gojaman Hazaryň kenaryna hem-de türkmen topragynyň beýleki ajaýyp ýerlerine syýahat etmek mümkin. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu görnüşleriň hemmesi türkmen halysynyň göllerinde şekillendirilipdir, olary synlamagy başarmak gerek. Şonda deňiz tolkunlarynyň güwwüldisi, baglaryň ýapraklarynyň ygşyldysy, sähra şemalynyň şuwwuldysy hem-de ak alaňlaryň pessaý aýdymy gulagyňa gelýär. Çünki mähriban topragymyzyň ähli aýratynlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini şöhlelendirýän türkmen halysynyň göllerine mahsus alamatlary ülkämiziň tebigaty emele getiripdir.

Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemläp, ynsan zehininiň çäksizligini aýdyň görkezýär. Halk arasynda «Halysy köp öýüň — berekedi köp» diýen paýhas bar. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen, türkmen halysynyň diňe bir gözellik nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bolçulygy hem aňladýandygyny görkezýär. Halyçy zenanlaryň täsin ukyp-başarnygy dünýä ýüzüni haýran galdyrýar. Olar öz inçe hünäri bilen Türkmenistanyň gülläp ösmegine we şöhratynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Türkmen halyçylarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren halyçylyk ussatlygy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp äpet halylar döreýär. 1941 — 1942-nji ýyllarda 40 sany ussat halyçy tarapyndan dokalan, 193,5 inedördül metr meýdany bolan äpet el halysy türkmen halky üçin edermenligiň, jebisligiň, zenan gaýratlylygynyň nusgasyna öwrüldi. Bu hala 1992-nji ýylda «Türkmen kalby» diýlip at berildi. Häzir ol haly Türkmen halysynyň milli muzeýinde saklanýar.

Özboluşly milli medeniýetimiz, amaly-haşam sungaty, haly dokamagyň gadymy ýörelgeleri, milli nagyşlar hem-de zergärlik sungaty, başga sözler bilen aýtsak, Watanymyzyň medeniýetiniň «altyn gaznasy» Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen gurşalandyr. Hormatly Prezidentimiziň bu täsin sungatyň belentliklerine tarap taryhyň bäş müň ýyldan gowrak döwründe yzygiderli ösýän türkmen halyçylygynyň şöhratyny ebedileşdirjek eserleri munuň ajaýyp mysallarydyr.

Mähri HALMUHAMMEDOWA,

Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.

“Nesil” gazeti,

23.05.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 89 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

18 Noýabr 2025 | 253 okalan

ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

18 Noýabr 2025 | 151 okalan

TÜRKMEN ÝAŞLARY — DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI