MUGTASYM WE FETH IBN HAKAN

Günleriň birinde halyf Mugtasym özüniň aýratyn hormat goýýan türkmen weziri Hakanyň öýüne barypdyr. Howluda ýedi ýaşlyja Feth oýnap ýören ekeni. Halyf Mugtasym Fethiň ýanyna baryp: «Hany sen aýt, emiriň öýümi ýa-da öz howlyňyz – haýsysy has gowy?» diýip sorapdyr. Kiçijik Feth säginmändir: «Emir biziň howlymyzdaka has gowy». Halyf Mugtasymyň kiçijik Fethiň bu dilewarlygyna göwni göterilipdir. Ony ýene gürletmek isläpdir. Barmagyndaky gymmatbaha gaşly ýüzügini görkezip: «Heý-de dünýäde şundan ajaýyp zady görüpmidiň?» diýip sorapdyr. Fethiň jogaby nagt bolupdyr: «Hawa görüpdim. Şol ýüzügi dakynýan barmaklar ondan has ajaýypdyr». Halyf Mugtasym näme diýjegini bilmändir.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

GOŇŞY BAHASY

Meňzeş habarlar

22 Awgust 2025 | 16 okalan

MUGTASYM WE FETH IBN HAKAN

19 Awgust 2025 | 63 okalan

GOŇŞY BAHASY