MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bölüm müdirleri, hünärmenleri hem-de Mary şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri we bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlar gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaş nesile döwrebap bilim bermekde alnyp barylýan beýik işler, ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda sanly ulgamyň uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda öňdebaryjy pedagogik işgärlerine jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Awgust 2025 | 12 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA

27 Awgust 2025 | 17 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI