ÇAGALAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň we etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda çagalar bakja-bagyna gatnaýan körpe nesillerimiziň wagtlaryny gyzykly geçirmegini üpjün etmek we olaryň döredijilige bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen «Çagalar biziň geljegimizdir» atly aýdym-sazly çäresi geçirildi.

Aýdym sazly çäräniň dowamynda körpeler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzy, asuda Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdymlary şowhunly ýerine ýetirdiler.

Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada körpejeleriň çykyşlary täsirli pursatlara beslendi.

Pälwan SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

15 Oktýabr 2025 | 16 okalan

KITAP — BILIMLERIŇ AÇARY

14 Oktýabr 2025 | 53 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 104 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»