TARYPA MYNASYP TARYHYMYZ BAR

Golaýda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek maksady bilen Tarypa mynasyp taryhymyz bar” atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi.

Gezelençde ýaşlar taryhy ýadygärliklerimize, milli gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimize, taryhy tapyndylarymyza syn etdiler.

Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Meňli GOÇMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat  şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 30 okalan

BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

01 Sentýabr 2025 | 15 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR

01 Sentýabr 2025 | 15 okalan

KALPLARDA WATAN MUKADDES