Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy yglan edilýär. Munuň özi ilkinji nobatda eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatdan ugur alýar. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde biraýlyga bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreleriň biri-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işleri geçirildi.
Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň baş buhgalteri.