Bilim — adamzadyň iň gymmatly hazynasy, jemgyýetiň ösüşiniň berk diregi bolup durýar. Bilim şahsyýetiň kämilleşmegine, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine ýardam berýär. Käbir alymlaryň bellemegine görä “Bilim almak — özüňi özgertmegiň ýoludyr. Özüňi özgertmek — jemgyýetiň ösüşine hyzmatdyr”.
Häzirki döwürde dünýäde ähli ösüşler — täze tehnologiýalar, ylmy açyşlar, ykdysady üstünlikler – diňe bilim bilen baglanyşyklydyr. Bilim ulgamyna täzeçil tehnologiýalaryň, sanly mümkinçilikleriň ornaşdyrylmagy dersiň mazmunynyň baýlaşmagyna, okatmaklyk usulynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam edýär. Onlaýn okuwlar, elektron kitaplar, halkara hyzmatdaşlyk ýaşlaryň geljegini has-da şöhlelendirýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegine we ony ösen ýurtlaryň derejesine çykarylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi, ýaş nesli sowatly, bilimli-terbiýeli we öz döwletiniň ösmegine mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan edilýän aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini doly tassyklaýar.
Bilim almak, hünär öwrenmek her bir ynsan üçin bagt. Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlar bolsa, halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär.
Beýzali ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.