Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde etrabyň 1-nji orta mekdebinde “Ýollarymyz hemişe asuda bolsun!” atly şygar bilen mekdep okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onuň dowamynda köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolagçynyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary, ýol hereketinde ýüze çykýan näsazlyklar, düzgün bozulmalara ýol berilmezligiň ähmiýeti dogrusynda okuwçylara giňişleýin düşünje berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap
Geňeşiniň başlygy.