Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumynda “Milletiň ogullaryna ruhy tagzym” atly şygar astynda ýaş hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda gezelenç duşuşygy geçirildi.
Gezelenje gatnaşanlar 1941-1945-nji ýyllarda Beýik watançylyk urşunda janyny gurban eden edermen gahrymanlarymyzy ýatlap “Baky şöhrat” binasynyň ýanyna, 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylygyň bir pursadyň özünde gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran eden Aşgabat şäherindäki bolup geçen ýer titremesinde wepat bolan şehitlerimizi ýatlap “Ruhy tagzym” ýadygärligine, Gökdepe söweşinde mertlerçe söweşen gahrymanlarymyzy ýatlap “Milletiň ogullary” ýadygärliginiň ýanyna bardylar. Mundan başgada, “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumynda ýerleşdirilen “Watan mukaddesligi” muzeýine aýlanyp gördüler. Bu ýerde bolsa şol gazaply ýyllary ýatlatýan maketlere, sergilere aýlanyp olaryň taryhy barada içgin öwrendiler.
Her ýyl 6-nji oktýabr “Hatyra güni” mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumyna gül goýmak dabarasy geçirilýär. Eýýäm 80 ýyl geçen hem bolsa bu ajy hakykat biziň ildeşlerimiziň ýadyndan çykanok. Olar bu günde sadakalary berip, aýat-töwürleri okadyp, gerçeklerimiziň şanyna doga-dileg edýärler, Watanymyzyň asudalygy, parahatlygy üçin janlaryny gurban edenleri ýatlaýarlar.
Gezelenç duşuşygyna gatnaşanlar biziň Watanymyzyň edermenlerini ýatlamaga, olary hatyralamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Aýjahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.