ATALAR SÖZI, AKYLYŇ GÖZI

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji oktýabrynda eziz Diýarymyzda asylly däplerimizi özünde jemleýän ajaýyp baýram, ýagny Ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde welaýat, şäher hem-de etrap merkezlerinde aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary geçirilýär.

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Ýaşulylaryň halkara günine bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýan günlerinde ýaşulularyň sarpasy belentden tutulýandygy aýratyn nygtalyp, ýaşuly nesliň zähmet ýoly we durmuş tejribesi barada gyzykly gürrüňlere giň orun berlip, ýaşulylara, kümüş saçly mährem enelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşuly nesle belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Merjen MUHAMMETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 84 okalan

GUŞA GANAT GEREK, YNSANA – YLHAM

08 Oktýabr 2025 | 50 okalan

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

07 Oktýabr 2025 | 49 okalan

BELENT MAKSATLAR – AÝDYŇ GELJEK