TÜRGENLERIMIZ ÖŇ HATARLARDA

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sportuň badminton görnüşi boýunça geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri baýrakly üçünji orna mynasyp bolup, Türkmenistan döwletimiziň baýdagyny al asmanda parlatdylar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli ösdürmek maksady bilen türkmen ýaşlary sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlara gatnaşyp, döwletimiziň sport abraýyny belent derejelere göterýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 16-22-nji sentýabry aralygynda badminton sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz Daşkent şäherinde sportuň badminton görnüşi boýunça geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň 33-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülşen Amanowa, Aşgabat şäheriniň 50-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçylary Ewilina Ýefremowa we Anastasiýa Kulikowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Bilal Saryýew dagylar ýeňişli üçünji orna mynasyp boldular. Abraýly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 85 okalan

GUŞA GANAT GEREK, YNSANA – YLHAM

08 Oktýabr 2025 | 51 okalan

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

07 Oktýabr 2025 | 50 okalan

BELENT MAKSATLAR – AÝDYŇ GELJEK