Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenler, watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň asuda, abadan durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, yhlasly zähmet çekmekleri, şeýle hem ata-babalarymyzdan galan milliligimizi ýaşlara ýetirmek, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak babatynda birnäçe çykyşlar edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda, oňa gatnaşanlar ýaş nesiller üçin döredilip berilýän şertler mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mähriban AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.