BELENT MAKSATLAR – AÝDYŇ GELJEK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi we harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häkimligiň mejlisler zalynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Diýarymyzda ýokary derejede guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty bilen bagly garalan möhüm wezipeleriň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek maksady bilen «Belent maksatlar – aýdyň geljek» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler we kararlar barada giňişleýin gürrüň edip, oňyn özgertmeleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar, abadan, erkin, parahat durmuşda ýaşamagynyň bähbidine amala aşyrylýan işlerdigi barada çykyşlarda belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň abadan bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş  we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Oktýabr 2025 | 84 okalan

GUŞA GANAT GEREK, YNSANA – YLHAM

08 Oktýabr 2025 | 51 okalan

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

07 Oktýabr 2025 | 50 okalan

BELENT MAKSATLAR – AÝDYŇ GELJEK