TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝADA IŇLIS DILINIŇ ÖWRENILIŞINI TIZLEŞDIRMEK BOÝUNÇA HALKARA OKUW MASLAHATYNA GATNAŞÝAR

Türkmen wekiliýeti Britan geňeşi tarapyndan Özbegistanyň Daşkent şäherinde 20 – 23-nji oktýabr aralygynda guralan «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi tizleşdirmek» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşýar.

Okuw maslahaty Abdulla Awlony adyndaky Milli mugallymçylyk ussatlygy institutynda geçirilýär.

Bilim çäresi Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan bilim edaralarynyň öňdebaryjy mugallymlaryny, iňlis dili boýunça hünärmenlerini, şeýle hem iňlis dilini okatmak babatda halkara bilermenleri bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli iňlis dili mugallymlary Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Merkezi Aziýanyň her ýurdundan okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmegiň we täzelemegiň barşynda işlenilip taýýarlanylan teklipleri durmuşa geçirmekde öz bilim edaralaryna hünär taýdan goldaw bermäge ukyply milli geňeşçileri taýýarlamak okuw maslahatynyň esasy maksadydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary okuw mekdeplerde iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak üçin okuw maksatnamalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Geljekki iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň okuw maksatnamasy bolan «PRESETT»-i işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi jemlenildi. Şu babatda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň, ýaş hünärmenleriň hünär başarnyklaryna, uçurymlara bildirilýän talaplary kesgitlemäge hem-de «PRESETT» maksatnamasy boýunça okatmagyň netijelerine degişli esasy ýörelgelere seredildi.

Şeýle hem şonuň ýaly maksatnamalary seljermegiň esasynda bu maksatnamany işläp taýýarlamagyň ýollary, «PRESETT» maksatnamasynyň hil we netijelilik ugurlary, sebitiň ýurtlarynyň degişli aýratynlyklary we talaplary göz öňünde tutulyp, onuň hökmany we fakultatiw taraplaryny kesgitlemek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara okuw maslahatynyň geçirilmegi Merkezi Aziýada iňlis dili mugallymlaryny taýýarlaýyş ulgamyny üstünlikli ösdürmäge köp babatda ýardam eder. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň alan bilimleri, teklipleri we usulyýet gurallary okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder.

turkmenistan.gov.tm