Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Ýaşlary terbiýelemek ählimiziň borjumyzdyr» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, edepli-ekramly, arassa ahlakly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle-de ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlarymyzyň geljegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi.
Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Döwletgeldi AGANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň Sanly ulgam
boýunça hünärmeni.












