Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 2025-nji ýylda yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Arkadag şäherinden mynasyp bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, şol sanda ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, şahsyýet taýdan kämilleşmegini gazanmak babatda döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, dürli ugurlarda zähmet üstünliklerine ýetmekde ýaşlaryň orny barada buýsançly gürrüňleri etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.












