BAG BITSE BAGTYÝARLYK BOLAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň medeniýet merkezinde «Bag bitse bagtyýarlyk bolar» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Söhbetdeşlige jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphana ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Olar özleriniň çykyşlarynda, dünýäde iň wajyp, özem nesilleriň geljegi bilen bagly mesele ekologiýa abadançylygydygyny, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamasynyň berilmegini, Türkmenistan döwletimiziň umumadamzat ösüşine hem-de abadançylygyna bagly mesele babatda gazanan üstünlikleriniň halkara ykrarnamasydygyny, bu günki günde Watanymyzyň ýüregi bolan ak mermerli gözel paýtagtymyzy guşuçar belentlikden synlasaň, onuň çar töwereginiň ýaşyl tokaýlar bilen jäheklenip duran ajaýyp görnüşdedigini, Türkmenistan ýurdumyzda her ýylda baharyň ilkinji günlerinde, güýz paslynda bag oturtmagyň ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirmek däbe öwrülendigini, şu günler welaýatymyzyň dürli künjeklerinde hem bag ekişligiň işleriniň alnyp barylýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir işde bolşy ýaly bag ekmek ýaly asylly işde hem ildeşlerimize görelde bolýandygyny buýsanç bilen aýdyp geçdiler.

Söhbetdeşlik çäresiniň ahyrynda, döwürlere şan beren, halkymyzy we ata Watanymyzy dünýäde şöhratlandyrýan, arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Parahat SABYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Noýabr 2025 | 7 okalan

BAG BITSE BAGTYÝARLYK BOLAR

19 Noýabr 2025 | 8 okalan

ÝAŞLAR – ATA-WATANYMYZYŇ GELJEGIDIR

14 Noýabr 2025 | 129 okalan

ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN!