BEDENTERBIÝE WE SPORT – SAGDYNLYGYŇ GOŞA GANATY

Ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 19-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, sport ussatlygyny kämilleşdirmek, ökde oýunçylary seçip almak maksady bilen, mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Bedenterbiýe we sport – sagdynlygyň goşa ganaty» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi.

Geçirilen bu bäsleşikde ýetginjekler ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Bu sport bäsleşigi diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Şeýle-de bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşurylyp, ýaşlara üstünlikler arzuw edildi.

Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlaryň bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dursunjemal SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 23 okalan

TEBIGAT BIZIŇ BAÝLYGYMYZDYR

21 Noýabr 2025 | 24 okalan

BAGTYÝAR ÝURDUMYZYŇ HÖWESJEŇ ÝAŞLARY