BAGTYÝAR ZAMANANYŇ MERDANA ÝIGITLERI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2025» atly bäsleşiginiň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap tapgyry geçirildi. Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 31-nji orta mekdebinde geçirilen bäsleşige etrabyň umumbilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Sahnany bagtyýar çagalaryň çykyşlary bezedi. Olar türkmen halkyna mahsus merdanalygy, watansöýüjiligi hem-de ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren degişme sahnasy hem gyzgyn garşylandy. Bäsleşik zehinleri öňe saýlady. Bäsleşikde Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Täçmuradow Astanakul I orna, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Dawut Durdymuradow II orna, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Atamuradow Didar III orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Göwher MÖWLÝAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 23 okalan

TEBIGAT BIZIŇ BAÝLYGYMYZDYR

21 Noýabr 2025 | 25 okalan

BAGTYÝAR ÝURDUMYZYŇ HÖWESJEŇ ÝAŞLARY