«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň hem-de etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň şertleri boýunça okuwçy oglanlar çeper sözleriň üsti bilen Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanada ýetilen sepgitleri beýan etdiler, aýratynlykda şorta sözleri ýerine ýetirdiler, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirip çykyş etdiler.

Bäsleşigiň emin agzalary bäsdeşleri adalatly  bahalandyryp, netijelere görä Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 11-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlisjan Töräýew I orna; Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Perman Gaýgysyzow II orna; Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 19-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Abdullaýaz Seýitmämmedow, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Mergen Merdanow, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Atajan Kerimkulyýew, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Seýit Babajanow III orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlara şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jemal BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 28 okalan

TEBIGAT BIZIŇ BAÝLYGYMYZDYR

21 Noýabr 2025 | 30 okalan

BAGTYÝAR ÝURDUMYZYŇ HÖWESJEŇ ÝAŞLARY