IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

Golaýda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň hem-de Hojambaz etrap kitaphanasynyň bilelikde guramagynda orta mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň baý many-mazmuny hakynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ensiklopediýalarynda orun tapan türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri, gymmatly golýazmalaryň milli lukmançylygy ösdürmekde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýändigi hakynda çykyşlar edildi. Şeýle-de bu kitaplaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy barada berk nygtap geçildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkynyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 29 okalan

TEBIGAT BIZIŇ BAÝLYGYMYZDYR

21 Noýabr 2025 | 32 okalan

BAGTYÝAR ÝURDUMYZYŇ HÖWESJEŇ ÝAŞLARY