BITARAPLYK – BAKY BAGTYMYZ

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Balsaýat” toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli toý saçagynyň başynda «Bitaraplyk – baky bagtymyz» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda sungat we medeniýet ussatlary, sazçylyk sungat mekdepleriniň okuwçylary baýramçylyk mynasybetli taýýarlan şowhunly aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary bilen, bu dabaranyň joşgununy has-da belende galdyrdylar. Baýramçylyk çäresi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jahan KADYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň  Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 30 okalan

BITARAPLYK – BAKY BAGTYMYZ

20 Noýabr 2025 | 20 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ GÜÝJI – ÝAŞLAR

19 Noýabr 2025 | 44 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI