BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Golaýda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda ýerleşýän «Güldesse» toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz, Halaç etrap Geňeşleriniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler hem-de mugallymlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda medeniýet işgärleriniň ýaş estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkynyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Dilber JUMAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Meňzeş habarlar

19 Noýabr 2025 | 14 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

19 Noýabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

13 Noýabr 2025 | 120 okalan

TEBIGY BILIMLER HEPDELIGI