“MAŞGALA MUKADDESLIGI” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu günler ilatyň arasynda milli däplerimize we umumy adamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamagy, sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işleri ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bilelikde guramagynda “Maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Şeýle çäreleriň biri-de ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň çäginde zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda maşgala — jemgyýetiň esasy söýesi bolup, her bir maşgala üçin onuň agzalarynyň özara gatnaşyk usullarynyň örän wajypdygy, maşgalanyň uly agzalarynyň özlerini alyp baryşlarynyň çaga terbiýesine täsir edişi barada giňişleýin beýan edildi.

Wagyz-nesihat çärelerinde çykyş eden degişli gulluklaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenleri hem-de oňa gatnaşan talyp ýaşlar, ýaş hünärmenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin alyp barýan giň gerimli özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Aýjahan MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar