Ýakynda Aşgabat şäheriniň 84-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumbilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Köpetdag etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, 1-nji şertinde okuwçylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. 2-nji şertinde, okuwçy oglanlar ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň 3-nji şertinde bolsa, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşler, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli bolup, çagalar öz zehinlerini açyp görkezdiler.
Geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça I orna Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Yhlas Ataýew, II orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçysy Yrsgalmyrat Annamämmedow, III orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň okuwçysy Halyl Allamyradow mynasyp boldular. Bäsleşikde I we II orunlary eýelän ýeňiji çagalar Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan mekdep okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












