Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň foýesinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de akademiýanyň bilelikde guramagynda «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri, ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Grafika” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Adylşa Annamuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Grafika” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aksona Saparmedowa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň I derejeli kitaphanaçysy Ogulsapar Işankuliýewa gatnaşyp olar öz gezeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» durmuşynda şeýle bagtly günleriň biri bolandygyny, ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri netijesinde, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara ýylyň-ýylyna gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna eýe bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Mundan başga-da ýaş nesiller sagdyn, watançy, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri, okap öwrenmekleri, döwrebap bilim-terbiýe bermek üçin döredilýän şertdir mümkinçilikler barada giňişleýin belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşan Ýaşlar baýragynyň eýeleri ýaş nesillerimiz üçin döredilýän ähli şertdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.












