Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim, ýaşlar syýasaty we innowasion ösüş ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalar ýurdumyzda täze ugurlaryň döremegine giň mümkinçilikleri açýar. Şolaryň biri hem — dünýäde uly depgin bilen ösýän kibersport ulgamy Türkmenistanda hem strategiki taýdan ähmiýetli ugur hökmünde kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň özeninde — olaryň zehinini açmak, döwrebap tehnologiýalara ussatlygyny ýokarlandyrmak we ýurdumyzy sanlylaşdyrmagyň täze tapgyryna geçirmek ýaly ähmiýetli wezipeler durýar. Hut şu nukdaýnazardan, kibersport diňe bir oýun ýa-da dynç alyş görnüşi bolman, eýsem ykdysadyýet, diplomatiýa, bilim we halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşykly täze döwür medeniýetiniň möhüm bölegi hökmünde ýüze çykýar.
Döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler ýaşlaryň sanly ugurlara bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda maglumat tehnologiýalara gönükdirilen okuwlaryň giňeldilmegi, internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we ýaşlara sanly başarnyklary öwredýän taslamalaryň artmagy kibersport bilen meşgullanmak üçin oňyn şertleri döredýär.
Kibersportuň ýaşlaryň arasynda giňden ýaýramagy olaryň strategiýa düzmek, karary tiz kabul etmek, toparlaýyn işlemek, psihologiki durnuklylygy güýçlendirmek ýaly başarnyklaryny ösdürýär. Bu bolsa döwletiň giň gerimli maksatnamalary bilen sazlaşykly ýagdaýda ýaşlaryň ideologiki hem-de intellektual taýdan kämilleşmegine hyzmat edýär.
Türkmenistan hem döredijilikli diplomatiýanyň täze görnüşi hökmünde kibersport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir. Geljekde halkara ýaryşlaryň, sebit derejesindäki duşuşyklaryň we hyzmatdaşlyk taslamalarynyň ýurdumyzda geçirilmegi döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterer.
Ahmet GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.












