ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI BILEN BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlik gazanýan ýaşlarymyz aýratyn hormata eýe bolýarlar. Milli Liderimiziň nusgalyk ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde öňdebaryjy ýaşlara döwlet derejesinde sylaglar yzygiderli gowşurylýar, olary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň hatarynda her ýylda asylly däbe eýerilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan edilýän Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagyny aýratyn nygtap bolar. Çünki bu baýragy almak ugrunda dalaşgärleriň we ýeňiji bolýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Şuňa laýyklykda, şu günler Arkadag şäherinde ähli ýaşlaryň şahsyýet taýdan kämilleşmegini gazanmak maksady bilen, 2025-nji ýylda yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Arkadag şäherinden mynasyp bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşdäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

«Arkadagly ýaşlar bilen döwrebap ösüşler ilerleýär» atly şygar bilen geçirilen brifing duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa alyp bardy. Duşuşykda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada eýe bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy Ogulnur Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Mekan Ataýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk fakultetiniň Atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Japarberdi Japarow we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Röwşen Şyhberdiýew dagy çykyş etdiler.

Olar buýsançly çykyşlarynda ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň miweleri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem akademiýanyň talyplaryny gyzyklandyrýan sowallara kanagatlanarly jogaplary berdiler.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar