WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 79-njy orta mekdebinde okaýan mekdep okuwçylaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, mekdepde özüňi tertipli alyp barmak we berilýän bilimiň derejesini kämilleşdirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi babatda berilýän bilimiň häzirki wagtda hiliniň ýokarydygyny, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ýaşlar üçin uly orun alandygyny bellediler. Mundan başga-da okuwçylara dürli durmuş temalary barada mysallary getirdiler we sorag-jogap alyşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnşanlar, ýaş nesliň watançy, ylymly, bilimli, sagdyn hem-de ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar